DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

      Golaýda Mary welaýat kitaphanasynyň kiçi mejlisler jaýynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy, halypa şahyr Orazguly Annaýewiň gatnaşmagynda döredijilik duşuşygy geçirildi. Mary welaýat medeniýet müdirliginiň we welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen döredijilik duşuşyk «Magtymguly Pyragy – ynsan kalbynyň öçmejek nury» diýlip atlandyrylyp, bu döredijilik duşuşygyna jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde kitaphanaçylar, şahyrlar, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar gatnaşdylar. Duşuşygy welaýat kitaphanasynyň direktory Ýazgül Sarykowa alyp bardy.

      Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik duşuşygynyň başynda hormatly şahyr Orazguly Annaýew çykyş etdi. Halypa şahyr Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny dowamat dowam eýleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen edebiýatyna we nusgawy şahyrlarymyza goýulýan sarpanyň belentdedigi, 2024-nji ýylymyzda hem nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde toýlanyljakdygy barada giňişleýin gürrüň berip, öz ýazan goşgularyny duşuşyga gatnaşyjylara okap bermegi we ýaş şahyrlar bilen sowal-jogap alşylmagy ruhy lezzet paýlady.

      Döredijilik duşuşygynyň dowamynda «Maru-Şahu Jahan» welaýat gazetiniň uly habarçysy, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Aýparça Akymowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň işgäri, ýaş şahyr Suraý Babanyýazowa, Murgap etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Läle Zakirowa we beýlekiler çykyş etdiler. Çykyşlarda görnükli şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömri-döredijiligi, terbiýeçilik ähmiýetli eserleri we şygryýet dünýäsi hakynda täsirli gürrüň edildi we goşgular okaldy.

      Duşuşyga gatnaşyjylar milli mirasymyzy dünýä ýaýmakda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Jeýhun BAÝRAMDURDYÝEW,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1139 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK