GYMMATY EGSILMEJEK MIRASYM

    Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ata-babalarymyzdan galan milli mirasymyzy, medeniýetimizi, däp-dessurlarymyzy gorap saklamakda, olary öwrenmekde we geljekki nesillerimize ýetirmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Şeýle sahawatly işleri özlerine hemra edinen TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň işgärleri hem, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bir hatarda  mekdep okuwçylaryň, edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda köp öwüşginli çäreleri yzygiderli geçirýärler.

    Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň guramagynda geçirilen gezelenç çäresiniň esasy maksady hem ýaşlaryň gözel tebigatymyz baradaky bilimlerini has-da artdyrmakdan, tebigy ýadygärliklere bolan garaýyşlaryny kämilleşdirmekden ybarat boldy. Mary etrabynyň  2-nji orta mekdebiniň mekdep muzeýinde guralan gezelenç çäresi «Gymmaty egsilmejek mirasym» diýlip atlandyryldy. Oňa ady agzalan orta mekdebiň okuwçy ýaşlary gatnaşdylar.

    Täsirli geçen gezelençde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň 2-nji orta mekdebiniň mugallymlary çykyş etdiler. Çykyş edenler halkymyzyň medeni-mirasy, taryhy ýadygärlikleri we olary öwrenmekde alnyp barylýan işler, olary wagyz-etmek-de ýaşlaryň arasynda guralýan gezelençleriň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň berdiler. Gezelenjiň dowamynda okuwçylar muzeý gymmatlyklary bilen içgin tanyş bolup, guralan gezelenç çäresi okuwçy ýaşlarda uly täsir galdyrdy.

    Gezelenç çäresine gatnaşanlar milli mirasymyzy giňden öwrenmekde we dünýä ýaýmakda ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Mähri SAPAROWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1139 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK