PIKIR UMMANYNY KÜREKLÄP ÝÜZEN, ADY DÜNÝÄ DOLAN BEÝIK PYRAGY!

      Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň we Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň bilelikde guramagynda «Pikir ummanyny kürekläp ýüzen, ady dünýä dolan beýik Pyragy!» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanylyp geçirilen wagyz-nesihat çäresine TMÝG-niň welaýat, etrap, şäher Geňeşleriniň işgärleri, işjeň agzalary hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

      Işjeň häsiýetde geçen wagyz-nesihat çäresinde kalplary buýsançdan doly ýaşlar çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilendigi we Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp goşgusyndan ugur alnyp, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilmeginde çuňňur manynyň bardygy barada durup geçdiler. Şonuň ýaly-da Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk goşgusyndan ugur alnan bu ajaýyp setirler döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygynyň, türkmen halkynyň agzybirliginiň hem-de jebisliginiň, parahatçylygyň, döredijiligiň hem-de ösüşiň belent ynsanperwer gymmatlyklaryna we maksatlaryna ygrarlydygynyň beýanydygy barada buýsançly gürrüň etdiler.

      Çäräniň dowamynda nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna çäksiz hormat goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

 

Kakajan TÄÇGULYÝEW,

TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň kätibi.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1139 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK