Golaýda Sakarçäge etrap Medeniýet öýünde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli «Magtymguly Pyragy – köňülleriň ylham çeşmesi» atly maslahat duşuşygy geçirildi. Sakarçäge etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Sakarçäge etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Sakarçäge etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen dabaraly maslahata etrabyň il sylagly ýaşululary, kümüş saçly eneleri, dürli pudaklarda zähmet çekýän öňdebaryjy işgärleri gatnaşdylar.
Çykyş edenler dana Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň toýlanýan ýylynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi we bu şanly ýylyň Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşdyrylmagy akyldar şahyrymyza goýulýan sarpanyň we hormatyň nyşanydygy barada nygtadylar. Duşuşygyň dowamynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar ― Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň elimize gowuşmagy, kitabyň ajaýyp many-mazmuny we bezeg aýratynlyklary bilen döwrebap usulda neşir edilendigi, onda bagtyýar ýaşlaryň bagtly durmuş pursatlaryny görkezýän ýokary hilli fotosuratlara giň orun berlendigi hem-de eseriň ylym-bilimli, watansöýüji ýaşlary kemala getirmekdäki ähmiýeti dogrusynda buýsançly çykyşlara giň orun berildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar halkymyzyň bagtyýar geljegi ugrunda yzygiderli aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.
Owadan ATDAÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.