Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň mukaddes başlangyçlaryny nusgalyk derejede dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet baştutanlygynda ýurdumyzda bolup geçýän şanly wakalar, taryhy seneler il-günümiziň, ylaýta-da ýaşlarymyzyň guwanjyny goşalandyrýar. Şeýle wakalaryň biri hem, bagtyýar türkmen halkymyzyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny uly üstünlikler we şanly wakalar bilen tamamlap, täze Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylyna gadam basmagy boldy. Hut şu nukdaýnazardan, şugünler welaýatymyzda geçirilýän dabaraly çäreler, maslahatlardyr, tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik duşuşyklar giň gerime eýe bolýar.
Ýakynda Mary myhmanhanasynda geçirilen brifing duşuşygy hem bu taryhy waka bagyşlandy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň guramagynda geçirilen brifing duşuşygy uly täsirlere beslendi. «Ýylymyzyň şygary-kalbymyzyň kelamy» ady bilen geçirilen brifing duşuşyga TMÝG-niň welaýat, etrap, şäher Geňeşleriniň işgärleri, işjeň agzalary hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Onda 2023-nji ýylyň ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen özgertmeleriň ýyly hökmünde taryhyň sahypalaryna zer harplar bilen ýazylandygy, bu ýylyň bolsa Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly diýlip yglan edilmegi şahyra uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň güwäsidigi dogrusynda söhbet edilip, dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny giňden wagyz etmekde we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzda giň gerimli işleriň alnyp barylýandygy dogrusynda ýaşlarymyzyň ýürek töründen syzylyp çykýan ýagşy arzuwlary joşgunly beýan edildi.
Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna hem-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilendigi, şu nukdaýnazardan hem bu ýyl türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligini, onuň ajaýyp şygyrlaryny wagyz etmekde, öňe süren ynsanperwer pikirlerini giňden ýaýbaňlandyrmakda maksatnamalaýyn çäreleriň ençemesiniň geçiriljekdigi baradaky täsirli çykyşlara brifing duşuşygynda aýratyn ähmiýet berildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna çäksiz hormat goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Aýjeren GELDIÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.