ŞANLY ÝYLYMYZA BAGYŞLANDY

      Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Türkmengala etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölümi bilen bilelikde gurnamaklarynda «Pyragyň arzuwlan zamany geldi, Watanym berkarar, bagtyýar boldy» atly maslahat geçirildi. Şygaryndan hem mälim bolşy ýaly, bu maslahat üstümizdäki ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagyna bagyşlandy. Täsirli geçen maslahata TMÝG-niň Mary welaýatynyň Türkmengala etrap Geňeşiniň wekilleri, bilim işgärleri  we ýaşlar gatnaşdylar.

      Maslahatda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet ýolbaşçylygynda halkymyzyň täze 2024-nji ýyla gadam basandygyny belläp, bu şanly ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy bolsa, nusgawy şahyrymyza goýulýan belent hormatyň, sarpanyň has-da dabaralanýandygy bilen baglanyşykly çykyşlar duşuşygynyň täsirliligini has-da artdyrdy. Şeýle hem, ýurdumyzda akyldar şahyrymyzyň doglan gününe görülýän taýýarlyk işleri bilen bagly täsirli gürrüň edilip, Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» halkara maksatnamasynyň sanawyna girizilendigi we dünýäniň dürli ýurtlarynda Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň oturdylandygyny buýsanç bilen bellediler.

      Maslahata gatnaşyjylar ata Watanymyzy gülledip ösdürmek babatda döwlet ähmiýetli işleri durmuşa ornaşdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, belent başlarynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Babajan MUHAMMEDOW,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Türkmengala  etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1139 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK