Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Adalat geňeşliginiň ýaşaýjysy Merdan Hommokowlaryň maşgalasynda myhmançylykda boldular. Olar maşgala agzalaryny türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy esasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan bejergi alan we «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna mynasyp bolan ogullary Mekany bu şatlykly habar bilen gyzgyn gutlap, olar bilen ýakyndan gürrüňdeş boldular. Bu ýerde täsirli we gyzykly çykyşlara giň orun berildi.
Döwletli saçagyň başynda geçen söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillere döwrebap bilim bermek ugrunda bimöçber işleriň durmuşa geçirilýändigi, şeýle hem, ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny giňden açyp görkezmek maksady bilen ýurdumyzda ençeme bäsleşikleriň yzygiderli geçirilýändigi barada söhbet açyldy. Ýakynda bolsa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilen Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň jemi jemlenip, bu baýraga Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan bejergi alan Mary etrabynyň 18-nji orta mekdebiniň 1-nji synp okuwçysy Mekan Meretdurdyýewiň hem mynasyp bolandygy baradaky guwançly gürrüňler söhbetdeşligiň täsirliligini has hem artdyrdy. Şeýle hem, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan kalplary nurlandyrýan işleriň yzygiderli amala aşyrylýandygy we bu işleriň dünýä nusgalykdygy dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler. Gysga döwürde haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna howandarlyga mätäç ýarawsyz çagalara ýurdumyzyň paýtagtynyň, welaýatlarynyň saglygy goraýyş edaralarynda dürli operasiýalar we bejergiler geçirilip, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde hem-de mekdep internatlarda terbiýelenýän we okaýan ýaş raýatlaryň zeruryýeti üçin saglyk maksatly enjamlaryň satyn alynmagy sagdyn ýaşamak üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly hazynadygy dogrusyndaky täsirli söhbetler edildi.
Gürrüňdeşligiň dowamynda oňa gatnaşanlar raýatlarymyzyň erkana we eşretli durmuşda ýaşamagy üçin durmuş ýeňilliklerini döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Batyr GURDOW,
TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.