Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet ýolbaşçylygynda ileri tutulýan ugurlaryň biri hem gadymy we baý milli mirasymyzy öwrenmäge, ösdürmäge we dünýä jemgyýetçiligine ýaýmaga gönükdirlendir. Şu nukdaýnazardan hem, ýaş nesillerde ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza, milli medeniýetimize, däp-dessurlarymyza, taryhy we medeni mirasymyza hormat goýmak, gadymy gymmatlyklarymyzy ýaşlara açyp görkezmek maksady bilen iri jemgyýetçilik guramalary bilen bir hatarda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşi tarapyndan guralýan gezelenç çäreleri giň gerime eýe bolýar.
Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň we Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda orta mekdeplerde bilim alýan okuwçy ýaşlaryň gatnaşmaklarynda Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç çäresi geçirilip, oňa Mary şäheriniň orta mekdeplerinde bilim alýan okuwçylar gatnaşdylar.
Gezelençde TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň işgärleri hem-de Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmenleri çykyş etdiler. Çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda medeni-mirasymyzy we taryhy ýadygärliklerimizi öwrenmek hem-de olary wagyz etmek babatda ýaşlaryň arasynda alnyp barylýan işler dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.
Gezelenjiň dowamynda okuwçy ýaşlar muzeýiň etnografiýa, arheologiýa we birnäçe bölümleri bilen tanyş bolup, bu ýerde muzeýde ýerleşdirilen ähli gymmatlyklar okuwçylaryň ünsüni özüne çekdi. Muzeýiň ylmy işgäri Sülgün Ahmedowanyň bu ýerde saklanýan ähli gymmatlyklar barada aýdyp beren gyzykly gürrüňleri bolsa, bagtyýar ýaşlarda halkymyzyň taryhyna uly gyzyklanma döretdi.
Gezelenjiň dowamynda türkmen halkynyň milli mirasyny giňden öwrenmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýtdylar.
Annagözel SARYÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary şäher
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.