Golaýda şeýle şygar bilen, Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Merkezi kitaphanasynda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşi we etrap Merkezi kitaphanasy bilelikde gurap, oňa TMÝG-niň Tagtabazar etrap Geňeşiniň işgärleri, etrabyň merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçylary we ýaşlar gatnaşdylar.
Täsirli geçen wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda edilen çykyşlarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän ägirt uly işler dogrusynda söhbet edilip, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagynyň taryhy ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Şeýle hem, çykyşlaryň her birinde şu ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde uludan belleniljekdigini, görnükli şahyrymyzyň edebi mirasynyň we döredijiliginiň ýaş nesilleri watansöýüjilik, zähmetsöýerlik we merdanalyk ruhunda terbiýelemek-de uly ähmiýete eýedigini buýsanç bilen nygtadylar.
Wagyz-nesihat duşuşygyna gatnaşyjylar ýaşlaryň döredijilikli zähmet çekmegi, yhlasly okamagy we bagtyýar ýaşamagy üçin taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Aknur GELDIÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.