Golaýda Wekilbazar etrabynyň Mollanepes adyndaky şäherçe medeniýet öýünde 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli geçirilen dabaraly maslahat hemmeler üçin täsirli bolup, ony Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Wekilbazar etrap komiteti bilelikde gurady. «Rowaçly menzilleriň rowan bolsun dowamy, Gutly bolsun, il-günüm, bu ýylyň täze ady» at bilen geçirilen dabaraly maslahata ýaşuly wekiller, kümüş saçly eneler, TMÝG-niň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap Geňeşiniň işgärleri we ýaşlar gatnaşdylar. Dabaraly maslahatda many-mazmunly çykyşlara giň orun berildi.
Maslahatda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda tamamlanan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň mähriban Watanymyzyň şanyna şan, abraýyna abraý goşan ýyllaryň biri hökmünde taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylandygy, bu ýylyň bolsa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagynda uly many bardygyny bellediler. 2024-nji ýylyň Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşdyrylmagy dünýä belli nusgawy şahyrymyza goýulýan hormatyň we beýik sarpanyň nyşanydygy baradaky buýsançly gürrüňler, çykyşlarynyň özenini düzdi.
Şeýle hem çykyşlaryň her birinde şu ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dünýä derejesinde bellenilmegi türkmen halkymyzyň ýüreginde mähriban Watanymyzyň şöhratly geçmişine we şu gününe buýsanç duýgularyny artdyrýandygyny barada belläp, maslahata gatnaşyjylar türkmen edebiýatynyň solmaz çyragy Magtymguly Pyragynyň döredijiligini, edebi mirasyny öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, belent başlarynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Nagmat HÜMMEDOW,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Wekilbazar
etrap Geňeşiniň başlygy.