«TEGELEK STOLUŇ» BAŞYNDA GEÇEN SÖHBETDEŞLIK

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her ýyly şanly wakalara, uly üstünliklere beslenip, şöhratly taryhymyzyň altyn sahypalarynda öçmejek yz goýýar. Halkymyzyň Hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny dowamat dowam eýleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly bilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň sepgidinde «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynyň halkymyza sowgat etmegi tolgundyryjy ýagdaýdyr. Bu ýagdaý, üstünlikli tamamlanan ýylymyzyň ýakymyny has hem artdyryp, täze ýylymyza beýik maksatlar bilen girişmegimize badalga berdi. Şeýle şatlykly waka mynasybetli, häzirki günlerde etrabymyzyň çäginde geçirilýän maslahatlardyr, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik duşuşyklary giň gerime eýe bolýar.

      Ýakynda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň 19-njy orta mekdebinde «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaby – türkmen ýaşlary üçin gymmaty egsilmejek serpaýdyr» ady bilen geçirilen  «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik duşuşygy şu şanly waka bagyşlandy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň guramagynda geçirilen söhbetdeşlik täsirli boldy. Oňa TMÝG-niň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň wekilleri, bilim işgärleri we kalplary buýsançdan doly ýaşlar gatnaşdylar.

      Çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly saýasynda, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ösüşinde taryhy ähmiýetli işleriň barha rowaçlanýandygy, munuň şeýledigine şöhratly seneleriň, şanly wakalaryň aýdyňlygy bilen beýan edýändigi dogrusynda guwançly bellediler. Hormatly Prezidentimiziň türkmen ýaşlarynyň ýaşaýyş durmuşyna, ähli ugurlarda gazanan üstünliklerine bagyşlap ýazan «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynyň taryhy wakadygy, munuň özüniň bagtlylykdan nyşandygy, bu ajaýyp eseriň her bir jümlesiniň ýaşlar üçin gymmatly gollanmadygy we nusgalyk ýol-ýörelgedigi baradaky buýsançly gürrüňe söhbetdeşlikde aýratyn ähmiýet berildi.

      «Tegelek stoluň» başyna ýygnananlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet galamynyň ýiti bolmagyny arzuwlap, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Jennet ORAZOWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1139 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK