«PYRAGY HEM ARKADAG – ÖMRÜMIZE ŞAMÇYRAG» ATLY DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban halkymyz 2024-nji ýyly göwünleri ganatlandyrýan, ylhamlary joşdurýan taryhy wakalar bilen garşylady. Şeýle taryhy wakalaryň biri hem üstümizdäki ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy boldy. Golaýda Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde geçirilen maslahat duşuşygy hem şu ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilmegine bagyşlandy.

     «Pyragy hem Arkadag – ömrümize şamçyrag» ady bilen geçirilen maslahat duşuşygy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher we Baýramaly etrap Geňeşleri hem-de Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi tarapyndan gurnalyp, oňa şu guramalaryň işgärleri, işjeň agzalary, ady agzalan orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlary we mugallymlary gatnaşdylar. Onda TMÝG-niň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri Baýramgeldi Gaýypow, Baýramaly şäheriniň 3-nji orta mekdebiniň mugallymy Akja Babakulyýewa, TMÝG-niň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri, Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Ýazmyrat Myradow dagylar çykyş etdiler.

     Çykyş edenler geçen 2023-nji ýylyň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen özgertmeleriň ýyly hökmünde taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylandygyny hem-de Täze ýyl 2024-nji ýylda öňde durýan wezipeler, Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna görülýän taýýarlyklar dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.

     Maslahata gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Marýam AMANOWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1139 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK