Mälim bolşy ýaly, Täze ýyl baýramçylygyň öňüsyrasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň neşir edilmegi türkmen ýaşlary üçin bahasyna ýetip bolmajak sowgat boldy. Şunuň bilen baglylykda, şugünler etrabymyzyň ähli ýerlerinde bagtyýar ýaşlar üçin gymmatly gollanma bolan ajaýyp eseriň tanyşdyrylyş dabaralary, maslahat duşuşyklarydyr, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler uly ruhubelentlikde geçirilýär.
Şeýle çäreleriň biri hem, ýakynda Türkmengala etrabynyň merkezi kitaphanasynda geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Türkmengala etrap Geňeşi hem-de etrabyň merkezi kitaphanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen maslahat «Il-halkynyň jana-jany, dünýe içre ykrarymyz, Watanmyzyň Gahrymany Arkadagly Serdarymyz!» diýlip atlandyryldy. Oňa TMÝG-niň Mary welaýatynyň Türkmengala etrap Geňeşiniň işgärleri, etrabyň merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçylary we kalplary buýsançdan doly ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatda täsirli we many-mazmunly çykyşlara giň orun berildi.
Çykyş edenler, kitabyň döwürleriň aýnasydygy, ynsanyň özünden soňky nesillere goýup gidýän, bahasyna ýetip bolmajak mirasydygy dogrusynda guwançly bellediler. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde gymmatly ýol-ýörelge bolan «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň baý many-mazmuny we bezeg aýratynlyklary bilen tapawutlanýandygy, bu neşiriň ýaşlary watansöýüji, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde gymmatly gollanmadygy we nusgalyk ýol-ýörelgedigi baradaky buýsançly gürrüňe duşuşykda aýratyn ähmiýet berildi.
Çykyşlaryň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, belent başlarynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini, şeýle hem, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň galamynyň ýiti bolmagyny we halkymyza sowgat eden ajaýyp kitabynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler.
Bilbil JUMAÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Türkmengala etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.