Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet ýolbaşçylygynda 2023-nji ýyly belent sepgitlere besläp, Täze – Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylyna uly ruhubelentlik bilen gadam basdy. Hut şu nukdaýnazardan hem, häzirki günlerde etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşi tarapyndan geçirilýän çäreler giň gerime eýe bolýar.
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň ilkinji günlerinde Sakarçäge etrabyndaky 1-nji çagalar bakja bagynda geçirilen «Şanly ýylyň buýsanjy» atly maslahat hem hemmeler üçin täsirli boldy. Maslahat Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Sakarçäge etrap komiteti tarapyndan gurnalyp, oňa jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şol bakja bagynda zähmet çekýän mugallymlar, terbiýeçiler we ýaşlar gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda üstünlikli tamamlanan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ýatdan çykmajak taryhy wakalara, şanly pursatlara beslenendigi, halkymyzyň 2023-nji ýyly ýokary ruhubelentlik bilen jemläp, täze 2024-nji ýyl Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylyna gadam basandygy barada buýsançly gürrüň berdiler. Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna görülýän taýýarlyklar dogrusyndaky buýsançly gürrüňler bolsa, çykyşlarynyň özenini düzdi.
Çykyşlarynyň dowamynda türkmen halkyny ak daňlara alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, belent başlarynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Merdan BEKMYRADOW,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň
Sakarçäge etrap Geňeşiniň başlygy.