Golaýda Mary nebit gaz orta hünär okuw mekdebinde hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynyň çapdan çykmagy we elimize gowuşmagy mynasybetli maslahat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň hem-de Mary nebit gaz orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda geçirilen dabaraly maslahat «Hormatly Prezidentimiziň täze kitaby – ýaşlar üçin gymmatly gollanma» diýlip atlandyrylyp, oňa şol hünär okuw mekdebinde bilim alýan talyp ýaşlar we mugallymlar gatnaşdylar. Maslahatda täsirli çykyşlara giň orun berildi.
Çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly üstünliklere beslenen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ata Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan şanly wakalar bilen aýratyn ýatda galandygy, hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eseriniň çapdan çykmagy bolsa, şeýle taryhy wakalaryň üstüni ýetirendigi we türkmen halkymyzda, ylaýta-da, bagtyýar ýaşlarymyzda çuňňur hoşallyk duýgularyny döredendigi barada giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle hem, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze neşiriniň ýaşlara bildirilen belent ynamyň miwesidigi dogrusynda buýsançly bellediler.
Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň döwlet galamynyň ýiti bolmagyny arzuwlap, halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna çäksiz alkyş aýtdylar.
Göwher KAKAGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary şäher
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.