TÄSIRLI GEÇEN SÖHBETDEŞLIK

        Beýik ýeňişlere, uly üstünliklere beslenen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň şatlykly günlerinde hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň neşir edilmegi ýaşlaryň ykbalyna ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary bagyş eýledi. Häzirki günlerde bolsa, welaýatymyzyň çäginde geçirilýän maslahat duşuşyklarydyr, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler giň gerime eýe bolýar.

        Hut şu nukdaýnazardan, şu gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynyň çapdan çykmagy hem-de elimize gowuşmagy mynasybetli «Hormatly Prezidentimiziň täze kitaby – ýaşlar üçin beýik işlere ruhlandyrýan gollanmadyr» ady bilen «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň we Mary welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen söhbetdeşlik täsirli boldy. Oňa kalplary buýsançdan doly ýaşlar gatnaşdylar.

        «Tegelek stoluň» başyna ýygnananlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet baştutanlygynda türkmen ýaşlary üçin giň mümkinçilikleriň gapysyny açan ýyl hökmünde, taryhyň altyn sahypalaryna giren Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň her bir güni taryhy wakalara, şowly pursatlara, ajaýyplyklara we toýdur-baýramlara beslenendigi dogrusynda buýsançly bellediler. Şeýle taryhy wakalaryň toý-baýramlara beslenýän günlerinde hormatly Prezidentimiziň türkmen ýaşlarynyň ýaşaýyş durmuşyna, ähli ugurlarda gazanan üstünliklerine bagyşlap ýazan bu ajaýyp eseriniň her bir jümlesiniň özleriniň durmuş ýolunda gymmatly gollanmadygy we nusgalyk ýol-ýörelgedigi baradaky guwançly gürrüňlere söhbetdeşlikde aýratyn ähmiýet berildi.

        «Tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlige gatnaşanlar ýaşlaryň okamagy, öwrenmegi, zähmet çekmegi üçin ähli amatlyklary we durmuş ýeňilliklerini döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Aýjeren GELDIÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1139 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK