Ata Watanymyzyň her bir güni bagtlylykdan nyşandyr. Bagtly günleriň şaýady bolýan günlerimiziň her bir pursaty bolsa, taryhy wakalara, şatlykly senelere baýdyr. Şeýle taryhy wakalaryň toý-baýramlara beslenýän günlerinde, Täze ýylyň öňüsyrasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynyň elimize gowuşmagy ýaşlaryň ykbalyna ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary bagyş eýledi. Mälim bolşy ýaly, kitap – kämilligiň gözbaşy. Islendik bir kitabyň dünýäniň ýüzünde ykrar edilmegi, şol kitabyň awtorynyň näderejede kämil şahsyýetdigini doly açyp görkezýän hakykatdyr. Ynha, bugünki gün hem hormatly Prezidentimiziň dünýäde diňe bir parasatly syýasatçy hökmünde däl, eýsem, özünde çuň pelsepewi pikirleri jemleýän «Ýaşlar- Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eseriň awtory hökmünde hem giňden ykrar edilýär.
Bilşimiz ýaly, heňňamlaryň hakydasynda könelmeýän bir hakykat bar. Watanyň beýikligi şahsyýetine, şahsyýetleriň beýikligi bolsa, Watanyna baglydyr. Döwlet Baştutanymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabyny okanymyzda hem, bu hakykata aýdyňlygy bilen göz ýetirýäris.
Sözüň doly manysynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen ýaşlarynyň ýaşaýyş durmuşyna, ähli ugurlarda gazanan üstünliklerine bagyşlap ýazan bu ajaýyp eseriniň her bir jümlesi biz ýaşlaryň işlerinde nusgalyk gollanmadyr, kämil ýol-ýörelgedir. Bu ajaýyp kitap üçin ýurdumyzy bedew bady bilen röwşen geljege alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.
Goý ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek babatda döwlet ähmiýetli işleri durmuşa ornaşdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary hemişe aman bolsun!
Aýjeren GELDIÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.