Her bir güni ýaşlaryň durmuşyny özgerdip gurmaga bagyşlanan üstümizdäki tamamlanyp barýan ýylyň, Garaşsyzlygymyzyň şöhratly taryhyny bezejek iň ajaýyp wakalara baý bolandygyny uly buýsanç bilen aýtmak bolar. Çünki Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly diýen şygara eýe bolan ýylymyzyň her bir pursady şanly üstünliklere, hoş habarlara, beýik ýeňişlere beslendi. Aslynda, ýylymyzyň şeýle buýsançly ada eýe bolmagy Watana, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan beýik söýgä ygrarly biz bagtyýar ýaşlary mundan beýläk-de rowaçly işlere ruhlandyrdy. Kalbyňda eziz Watana, ýurt Baştutanyňa, Arkadagyňa bolan beýik söýgi möwç alýarka, neneň yhlasly okamajak, döretmejek, gurmajak?! Ýurduň geljegine deňelýän ýaşlaryň abraý-mertebesini belentliklere ýetiren, ak ertirlerimize giň ýol açan hormatly Prezidentimiziň daşyna berk jebisleşip işlemekligiň, halal zähmet çekmekligiň özünde uly güýç bar.
Şanly ýylymyzda ýaşlaryň şäheri diýlip ykrar edilen Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi hem ýaşlar barada edilýän aladalaryň bir bölegini düzýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda ençeme täze bilim ojaklarynyň gurlup ulanylmaga berlendigini hem aýratyn bellemek gerek. Has dogrusy, şu ýylyň 1-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi, paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumy uly şatlyk-şowhuna beslenip, dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi. Şeýle hem şol gün hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabatda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binasynyň düýbi tutuldy. Bulardan başga-da, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi, Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebi, şeýle hem okuw-terbiýeçilik toplumy, iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen mekdepler we çagalar baglary işe girizildi. Ýurdumyzyň welaýatlarynda bolsa birbada ýokary okuw mekdepleriniň ikisiniň — Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň we Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň çäginde goşmaça okuw binasynyň hem-de beýleki desgalaryň düýbüni tutmak dabaralary geçirildi. Munuň özi ýaşlara, olaryň bilim öwrenmeklerine aýratyn üns berilýändigini, döwlet derejesinde alada edilýändigini aýdyň beýan edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesiller bilen yzygiderli duşuşyp, olaryň geljekki ykbaly bilen gyzyklanmagy, arzuw-isleglerini diňläp, gymmatly öwüt-nesihatlaryny bermegi röwşen geljegimiziň ösüşlere beslenmegidir. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň tylla güýzüniñ ilkinji gününde «Bilimler we talyp ýaşlar güniniñ» giñden bellenilýän pursatlarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, mähriban Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde mekdep okuwçylaryň, talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda geçiren umumy sapagy biziň her birimiz üçin beýik ýörelgedir. Alym Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty», «Ýaşlara gutlag», «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýaly beýik eserleri, bagtyýar türkmen ýaşlary bilen geçirýän duşuşyklarynda, okuw sapaklarynda berýän öwüt-nesihatlary, taryhy çykyşlary bize rowaç menzillere ýetmekde iň kämil, iň nurana ýollary salgy berýär. Bu günki gün bilimleriñ mekany bolan ata Watanymyza döwletliligi bagyş edýän Gahryman Arkadagymyz döwrümiziň beýik, milletimiziň we biz bagtyýar ýaşlaryñ baş mugallymydyr.
Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze başlangyçlary biz ýaşlary beýik maksatlara, zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Watan mukaddesligi üçin berjaý edilýän işleriň netijeleri, ýurdumyzyň ösüşleri biz ýaşlaryň durmuşyna aýratyn röwüş çaýýar. Bagtyýar ýaşlaryň joşgunly hyjuwy, Watana bolan söýgüsi, halal zähmete yhlasy, şu güne buýsanjy, röwşen geljege ynamy, dostluga, söýgä bolan sarpasy, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ beýik ynsanperwer işleriniň beýanynda öz synmaz ornuny tapýar. Ýaşlaryñ ukyp-başarnygyna, gujur gaýratyna, döredijilik zehinlerine aýratyn hormat-sarpa goýulýan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyñ 16-18 nji noýabrynda Mary welaýatynyñ Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly halkara forumynyñ ýokary derejede geçirilmegi ýene bir ýola Gahryman Arkadagymyzyñ saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine aýdyñ şaýatlyk etdi. Halkara forumyñ çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyñ Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyñ döredilen güni mynasybetli ýurdumyzyñ öñdebaryjy, zehinli ýaşlaryna Türkmenistanyñ Ýaşlar baýragynyñ hem gowşurylyş dabarasy boldy. Bu bolsa bagtyýar ýaşlaryñ durmuşynda ýatdan çykmajak ajaýyp pursatlara beslendi.
Şanly ýylymyzda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi hakyndaky ýakymly waka, eziz Diýarymyza yzygiderli gelip gowuşýan hoş habarlaryň üstüni ýetirdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ taýsyz tagallasy bilen, 2023-nji ýylyñ 27-nji dekabrynda paýtagtymyzda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyñ jemlerine bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahatyň, sergileriň we dabaralaryň ýokary derejede geçirilmegi, ýurdumyzyň ählitarapaýyn ösmegi ugrunda tutanýerli zähmet çekýän türkmen ýaşlaryna bildirilen belent ynamdan nyşandyr. Çünki, bu ýylda hem ýurdumyzyñ ýeňişli menzillerini tutuş dünýä ýüzüne ýaýmakda, mähriban Watanymyzyň ösen döwlete öwrülmeginde, dürli pudaklarda uly ösüşleriñ gazanylmagynda, belent sepgitlere ýetilmeginde, bagtyýar ýaşlaryň mynasyp goşantlary bar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ: «Men ýurdumyzyň ýaşlarynyň ene-ata we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýaryn» diýen ganatly jümlesi, Watanymyzyň ýagty ertirleriniň eýeleri bolan ýaşlara bildirilýän uly ynam hökmünde, biz bagtyýar ýaşlary yhlasly we halal zähmete ruhlandyrýar. Şonuñ üçin hem ýokary üstünlikler bilen jemi jemlenýän 2023-nji ýylyň 27-nji dekabrynda hem ýurdumyzyň dürli pudaklarynda döredijilikli zähmet çekýän we bilim alýan ýaşlaryň ýörite sylaglara, serpaýlara mynasyp bolmagy hem mekdep okuwçylaryñ, talyp ýaşlaryñ dünýäniň dürli künjeklerinde geçirilýän halkara ders we sport bäsleşiklerinde mynasyp orunlary eýeleýändiginiň, her bir işe ýürekden ýapyşyp, Garaşsyz ýurdumyzyñ abraý-mertebesini dünýäde ýüzünde mundan beýläk-de dabaralandyrmakda, başymyzyň täjine deňeýän eziz Watanymyzyň şöhratyna şöhrat goşmakda öz mynasyp zähmetleri bilen aýratyn tapawutlanýandyklarynyň aýdyň beýanydyr.
Biz — bagtyýar ýaşlar şu ajaýyp, eşretli zamanada ýaşaýandygymyza buýsanýarys. Eziz Watanymyzyň daýanjy hem buýsanjy bolan ýaşlara uly ynam bildirip, ýeňişlere atarýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il bähbitli, ýurt ähmiýetli alyp barýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Kuwwatgeldi ÇARYÝEW,
Türkmenistanyñ Döwlet energetika institutynyñ
5-nji ýyl talyby, Türkmenistanyñ Ýaşlar baýragynyñ eýesi.