Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň guramagynda sportuň küşt-şaşka görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyndan» ugur alnyp geçirilen bäsleşik şatlyk-şowhuna beslenip, çekeleşikli we gyzykly ýagdaýda geçirildi. Oňa Tagtabazar etrabynyň 2-nji sport mekdebine gatnaýan okuwçy türgenler gatnaşdylar.
Bäsleşigiň başynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni Maksat Täçmuhammedow, Tagtabazar etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň tälimçi mugallymy Ýusup Garlyýew çykyş etdiler. Çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň sport abraýynyň barha belende galýandygy we sport ulgamynda sport abraýynyň barha belende galýandygy dogrusynda giňişleýin gürrüň berip, bäsleşige gatnaşýan türgenlere şowlulyk arzuw etdiler.
Soňra türgenler sportuň küşt we şaşka görnüşi boýunça özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Çekeleşikli geçen bäsleşikde Tagtabazar etrabynyň 25-nji orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy Baýram Baýramow 1-nji orna, Tagtabazar etrabynyň 26-njy orta mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy Babageldi Babaýew 2-nji orna we şol etrabyň 27-nji orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy Didar Hümmetgulyýew 3-nji orna mynasyp boldular.
Okuwçy türgenleriň bu üstünligi olary täze ýeňişlere galkyndyrdy. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Maksat Täçmuhammedow,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgamy boýunça esasy hünärmeni.