Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň her bir güni toýdur baýramlara, şanly senelere ulaşýar. Ynha bu günki gün hem, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny zähmet üstünliklerine besläp, türkmen halky Täze 2024-nji ýyly mynasyp garşylaýar. Şu günler welaýatymyzyň ähli ýerlerinde, Mary şäherinde hem Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk çäreleri yzygiderli geçirilýär.
Golaýda şeýle çäreleriň biri, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň hem-de H.Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde guramagynda «Hoş geldiň Täze ýyl, gözel mekana!» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. «Bagt köşki» toý dabaralar merkezinde geçirilen baýramçylyk çäresine TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň işgärleri, talyp ýaşlar we mugallymlar gatnaşdylar.
Dabarada H.Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyplarynyň ata Watanymyzyň şu günki ýeten belent derejesini, halkymyzyň eşretli durmuşyny we täze ýyl baýramyny wasp edýän aýdym-sazlardyr, tanslar çäräniň şowhunyny has hem artdyrdy, şeýle hem Aýazbaba bilen Garpamygyň gelmegi, oňa gatnaşanlarda aýratyn ruhubelentlik döretdi. Baýramçylyk çäresiniň ahyrynda türkmen halkynyň bagtyýar we bolelin durmuşda ýaşamagy üçin uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.
Annagözel SARYÝEWA,
Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.