KITAP – PAÝHAS HAZYNASY

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesilleriň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri üçin kitabyň ähmiýeti örän uludyr. Şol sebäpden hem, kitap bilen ýaşlaryň has ýakyn gatnaşykda bolmagyny gazanmak, olaryň kitap okamaga bolan höwesini artdyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap Geňeşi tarapyndan geçirilýän çäreler giň gerime eýe bolýar.

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap Geňeşiniň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Wekilbazar etrap komiteti bilen bilelikde gurnamagynda etrabyň merkezi kitaphanasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ýaşlary kitaphanalara çekmek, olarda kitaba bolan höwes döretmek hem-de ýaşlaryň arasynda kitaphana medeniýetini wagyz etmek maksady bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy «Kitap – paýhas hazynasy» diýlip atlandyrylyp, oňa ady agzalan guramalaryň hem-de kitaphana ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar. Wagyz-nesihat çäresinde täsirli çykyşlara giň orun berildi.

     Çykyş edenler ata Watanymyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda kitaphana ulgamynda uly işleriň amala aşyrylýandygy we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde döwrebap kitaphanalaryň, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Arkadag şäherinde Döwletmämmet Azadynyň adyny göterýän kitaphananyň açylyp ulanylmaga berlendigi, bularyň ählisiniň türkmen halkyny, ylaýta-da ýaşlary has hem döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýandygy dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler. Kitabyň ylymlar dünýäsidigi we paýhas gönezligidigi baradaky çykyşlar bolsa, has hem täsirli boldy.

     Çykyşlaryň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň ýaşlar üçin beýik terbiýe mekdebidigini, maglumat çeşmesidigini buýsançly belläp, bagtyýar ýaşlara giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Nagmat HÜMMEDOW,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň

Wekilbazar etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1139 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK