WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

       Ýurdumyzda täze ýyl baýramçylygyna taýýarlyk görülýän günlerde tertip-düzgün bilen bagly düşündiriş we wagyz-nesihat çäreleri giň gerime eýe bolýar.

       Golaýda Murgap etrabynyň 18-nji orta mekdebinde Murgap etrap bilim bölüminiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Murgap etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurmagynda wagyz-nesihat çäresi geçirilip, oňa etrap häkimliginiň, etrabyň Polisiýa bölüminiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleri, mekdepleriň mugallymlary hem-de okuwçylary gatnaşdylar. Maslahatda terbiýeçilik ähmiýetli täsirli çykyşlara uly orun berildi.

       Çykyş edenler ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly kämil ynsanlar bolup ýetişmegi ugrunda uly mümkinçilikleriň döredilýändigi dogrusynda täsirli gürrüňler etdiler. Täze ýyl baýramçylygy bellenilýän günlerde okuwçylaryň köpçülik ýerlerinde özlerini tertipli alyp barmalydyklary, zyýanly endiklerden daşda durmalydyklary baradaky çykyşlar bolsa giň many-mazmuna eýe boldy.

       Çykyşlaryň dowamynda ýaşlaryň jemgyýetimize gerekli adamlar bolup ýetişmekleri üçin taýsyz tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Şeker KAKAJANOWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Murgap etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1139 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK