Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň medeni mirasyny gorap saklamak, milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmak we olary geljekki nesillerimize ýetirmek maksady bilen, «Diýar» žurnalynyň redaksiýasynyň 2023-nji ýylyň 16-njy oktýabr güni yglan eden «Alaja — el işimiň maýasy, hemmä ýeter saýasy» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi – Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzyň 15-nji dekabrynda jemlendi. Bu bäsleşigiň jemi oňa gatnaşyjylar tarapyndan hödürlenip, «Diýar» žurnalynyň elektron neşiriniň sahypalarynda «Alaja — el işimiň maýasy, hemmä ýeter saýasy» mowzugy astynda goýlan dürli žanrlardaky eserlere okalan sany hem-de eminleriň beren bahasy boýunça aýratynlykda seredildi we ýeňijiler kesgitlenildi. Netijede, döredijilik bäsleşiginiň jemleri boýunça alty adam ýeňiji diýlip yglan edildi we olar «Diýar» žurnalynyň redaksiýasy tarapyndan dabaraly ýagdaýda Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy.
Bäsleşikde ýeňiji bolanlaryň arasynda biziň kärdeşimiz – Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň hünärmeni Toýly Jänädowyň bolmaklygy hem bizi diýseň buýsandyrdy.
Millilikden ylham alan kärdeşimiziň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde çeper elli zenanlarymyzyň gadymyýetden bagtyýar nesillerimize miras goýan, ajaýyp hem-de nepis el işleriniň çeper waspyny eden «Bir asyrlyk ömrüň segsen bäş ýyly» atly makalasy giň okyjylar köpçüliginde gyzyklanma döretdi. Çünki, bu makalada 93 ýaşynyň 85 ýylyny alaja işmek ýa-da örmek bilen meşgullanyp geçiren, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Ruhubelent geňeşliginiň ýaşaýjysy Ogulmiwe Gurbandurdyýewanyň özi barada, onuň ene-mamalarymyzyň sungat derejesine ýetiren milli el işi bolan alajanyň döreýiş taryhy, biziň ýaşaýyş-durmuşymyzda eýeleýän orny, halkymyz üçin ähmiýeti barada söz açýan täsirli gürrüňleri çeper beýan edilýär.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi hem welaýatymyzyň çäginde ýerleşýän edara-kärhanalarda, bilim ojaklarynda zähmet çekýän hem-de okaýan gelin-gyzlaryň arasynda ene-mamalarymyzyň asyrlaryň dowamynda sünnäläp, çeper el hünäriniň milli derejä ýetirilmeginde alyp baran asylly işleri, el işiniň iň kämil nusgasy bolan alajany gözüň agy-garasyna, gijäniň tümlügine, gündiziň ýagtylygyna meňzedýän halkymyzyň bu mirasa bolan söýgüsi, Gahryman Arkadagymyzyň mähribän käbesi, milletiň enesi Ogulabat ejemiziň milli el işi bolan alaja işmekde ýa-da örmekde şu günki ýaş nesle görkezen nusgalyk göreldesi, Ogulabat ejemiziň bu asylly ýörelgesini häzirki wagtda-da dowam etdirýän ýaşuly zenanlarymyz, aýratynda 93 ýaşy arka atyp, 85 ýylyny alaja örmek ýa-da işmek bilen geçiren, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Ruhubelent geňeşliginiň ýaşaýjysy Ogulmiwe Gurbandurdyýewanyň milli el işleri barada wagyz-nesihat işlerini geçirýäris. Geçiren wagyz-nesihat işlerimizden täsirlenip, halkymyzyň milli el işi bolan alajany taýýarlamaklyga höwes bildiren gelin-gyzlarymyzy bolsa Ogulmiwe enemiziň döwletli ojagyna myhmançylyga, söhbetdeşlige äkidýäris. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi tarapyndan welaýatymyzyň çäginde geçirilýän şeýle wagyz-nesihat işleriniň netijesinde milli el işimiz bolan alajany taýýarlamaklyga höwes bildirýän gelin-gyzlaryň hem sany günsaýyn artýar.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzda ene-mamalarymyzyň çeper ellerinden miras galan milli gymmatlyklarymyza ýokary baha berip, sarpalaýan, olaryň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi, Ginnesiň rekordlar kitabynda hasaba alynmagy üçin taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ömürleri uzak, mertebeleri belent bolsun!
Aýjeren GELDIÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.