GYZYKLY GEÇEN BÄSLEŞIK

     Golaýda  Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň 1-nji çagalar bagynda “Bitarap Watanyň körpe nesli biz” ady bilen surat çekmek boýunça döredijilik bäsleşigi geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň Sakarçäge etrap bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda geçirilen bäsleşige etrabyň çagalar baglarynda terbiýelenýän körpeler gatnaşdylar.

     Ösüp gelýän ýaş nesilleri döredijilige ugrukdyrmak, olarda zehin başarnyklaryny ýüze çykarmak hem-de surat çekmeklige bolan söýgüsini artdyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşikde körpeler özleriniň zehin hem-de ukyp başarnyklaryny görkezip, ajaýyp reňkler bilen ýerine ýetiren suratlary bagtyýar çagalygy, Baky Bitaraplygymyzy, eziz Watanymyzy we ajaýyp tebigatymyzy wasp etdi.

     Bäsleşigiň dowamynda körpe nesiller özleriniň yhlasly okamaklary, bilim-terbiýe almaklary üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

     Gyzykly we täsirli geçen bäsleşigiň ahyrynda ýeňijiler yglan edildi. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

 

Gülüstan NURYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1139 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK