MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

       Ýakynda Mary welaýat kitaphanasynda «Bitarap döwletim- Türkmenistanym» diýen şygar astynda maslahat duşuşygy geçirildi. Bu çäre Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ykrar edilmeginiň 28 ýyllygy mynasybetli guralyp, ony Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi, Dünýä Türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Mary welaýat bölümi hem-de welaýat kitaphanasy bilelikde geçirdi. Şanly senä bagyşlanyp geçirilen maslahat duşuşyga ady agzalan birleşigiň agzalary, TMÝG-niň Mary welaýat, şäher, etrap Geňeşleriniň, welaýat kitaphanasynyň işgärleri hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyp ýaşlary gatnaşdylar.

       Maslahatda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Watan diňe halky bilen Watandyr!» diýýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda parahat ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýylynyň içinde dünýä döwletleri bilen alyp barýan hoşniýetli gatnaşyklarynyň netijesinde, içeri we daşary syýasatda gazanylan ösüş-özgerişleri dogrusynda durup geçdiler. Çykyşlarynyň dowamynda Bitaraplygyň – parahatçylyga, dost-doganlyga, hoşniýetli gatnaşyklara, birek-birege hormat goýmaga, howpsuzlyga, durnukly ösüşe we özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna uzaýan nurana ýoldugy barada täsirli gürrüň etdiler.

       Duşuşyga gatnaşanlar Bitarap Watanymyzy toý-baýramlaryň, dost-doganlygyň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli beýik başlangyçlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Aýjeren GELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary

welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1139 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK