Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda üstümizdäki ýylyň – “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilmegi ýaş nesillere uly ynam bildirilýändigini aýdyňlygy bilen subut edýär. Çünki bu ýylda amala aşyrylýan beýik işleriň her biri ýaşlarda uly buýsanç we guwanç duýgusyny döredýär. Özleri hakynda edilýän beýik aladalara jogap edip, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri, maslahatlardyr, «Tegelek» stoluň başyndaky söhbetdeşlik duşuşyklary giň gerime eýe bolýar.
Ýakynda Mary welaýat kitaphanasynda geçirilen söhbetdeşlik duşuşygy hem hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýetilýän belent sepgitlere, gazanylýan uly üstünliklere hem-de Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlandy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge, Wekilbazar, Türkmengala etrap Geňeşleriniň hem-de Mary welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen söhbetdeşlik duşuşygyna kalplary joşgunly ýaşlar gatnaşyp, onda täsirli çykyşlara giň orun berildi.
«Äleme meşhurdyr Bitarap Diýar, Berkarar döwletde ýaşlar bagtyýar!» ady bilen geçirilen «Tegelek» stoluň başyndaky söhbetdeşlik duşuşygynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýä nusgalyk işleri netijesinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň şanly wakalara beslenýändigini, ata Watanymyzda halk hojalygynyň ähli pudaklarynda uly üstünlikleriň gazanylýandygyny, durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň ýurdumyzy çalt depginler bilen ösdürmäge, halkymyzyň ylaýta-da ýaşlarymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga giň mümkinçilikler berýändigini buýsançly bellediler.
Çykyşlaryň her birinde halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi we yhlasly okamagy üçin bimöçber aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.
Merdan BEKMYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň başlygy.