Ýakynda «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» ady bilen Mary welaýat kitaphanasynda döredijilik duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň hem-de welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen duşuşyk, diýseň täsirli boldy. Oňa TMÝG-niň Mary welaýat, şäher, etrap Geňeşleriniň işgärleri, welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçylary, şahyrlar we ýaşlar gatnaşdylar. Duşuşygy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Hekim Gelenow alyp bardy.
Türkmen halkynyň beýik akyldary, dünýä poeziýasyna gymmatly goşant goşan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny mynasyp garşylamak maksady bilen geçirilen döredijilik duşuşygynda çykyş edenler türkmen halkynyň söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda – Berkarar döwletde ýaşaýandyklary, şahyryň edebi mirasyna uly sarpa goýulýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Magtymguly Pyragynyň akyl-paýhasa ýugrulan ajaýyp eserlerinde belent adamkärçilik, watançylyk, mertlik ýaly häsiýetleriň beýan edilýändigi dogrusyndaky çykyşlar döredijilik duşuşygyna gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda beýik şahsyýetlerimiziň sarpasyny belende göterýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.
Laçyn KAKAJANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň
umumy bölüminiň müdiri.