TÄSIRLI GEÇEN SÖHBETDEŞLIK

       Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ýürekleri hyjuwdan, kalplary joşgundan doly türkmen ýaşlarynda şu güne bolan buýsanjy we bagtyýar geljegimize bolan beýik ynamy döredip, täze sepgitlere ruhlandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaşlara uly ynam bildirýär. Hormatly Prezidentimiziň bu beýik ynamy ýaşlarda ýokary jogapkärçiligi döredip, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna has döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

       Şu gün, Mary welaýat kitaphanasynda Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly saýasynda, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýetilýän belent sepgitler we gazanylýan uly üstünlikler dogrusynda, şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli, «Tegelek» stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlik Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi tarapyndan gurnalyp, ol «Mizemezdir Garaşsyzlyk binasy, Bitaraplyk dillermiziň senasy» diýlip atlandyryldy we oňa kalplary egsilmez alkyşdan doly ýaşlar gatnaşdy.

       Çykyş edenler «Watan diňe halky bilen Watandyr!» diýýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde türkmen halkymyzyň uly ösüşlere eýe bolup, bu ajaýyp ösüşli günleriň has nurana belentliklere tarap rowana bolýandygy we gözel Diýarymyzy ak ertire sary alyp barýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza türkmen ýaşlarynyň alkyşlarynyň çäksizdigi dogrusynda buýsançly gürrüňler etdiler. Hormatly Prezidentimiziň: «Beýik geljegimiz ýaşlaryň bagtyýarlygy, kadaly ösüşi bilen aýrylmaz baglydyr» diýen parasatly jümlesinden ugur alnyp, ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagyna uly üns berilýändigi bilen bagly buýsançly çykyşlara söhbetdeşlikde aýratyn ähmiýet berildi.

       «Tegelek» stoluň başyna ýygnananlar ýaşlarymyzyň asuda we abadan, parahat we bolelin durmuşda ýaşamagy, işlemegi, üçin bimöçber aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Aýjeren GELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1139 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK