AÝDYM-SAZLY BAÝRAMÇYLYK ÇÄRESI GEÇIRILDI

     Täze ýyl baýramy ýer ýüzüniň ynsanlarynyň iň eý görýän baýramy bolsa gerek. Ornuny, täze 2024-nji ýyl bilen çalyşýan 2023-nji ýyl hem Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda uly üstünliklere, beýik ösüşlere beslenen ýyllaryň biri boldy. Hawa, tamamlanyp barýan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly türkmen halkynyň, ylaýta-da ýaşlaryň durmuşynda ajaýyp öňegidişlikleriň ençemesini bagyş etdi. Ýylyň üstünlikli jemlenmegi, täze ýylyň belent ösüşlerine badalga bolup hyzmat edýändigi aňladýar.

     Häzirki günlerde welaýatymyzda, etrapdyr-şäherlerimizde Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk çäreleri yzygiderli geçirilýär. Ýakynda şeýle çäreleriň biri Garagum etrabynyň «Bagtyýar türkmen» toý mekanynda geçirildi. Garagum etrap häkimliginiň, etrap bilim we etrap medeniýet bölümleriniň, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Garagum etrap birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda «Arkadagly Gahryman Serdar bilen, eziz Diýar bagta ýar, ak arzuwlara beslenip, täze ýyl gelýär!» ady bilen geçirilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresine kümüş saçly eneler, ýaşulular, bilim we medeniýet ulgamynda zähmet çekýän Ilkinji guramalarynyň işjeň agzalary hem-de kalplary buýsançdan doly ýaşlar gatnaşdylar.

     Baýramçylyk çäresinde Mary welaýatynyň Garagum etrap medeniýet bölüminiň mahmal owazly aýdymçylarynyň ýerine ýetiren Garaşsyz, baky, Bitarap Watanymyzy, ýurdumyzyň beýik ösüşlerini wasp edýän aýdymlarydyr tanslary, sazandalaryň şirinden-şirin sazlary, Garagum etrap çagalar sungat mekdebiniň görkezen baýramçylyk çykyşlary dabaranyň şowhunyny has hem artdyrdy. Baýramçylyk dabaranyň dowamynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkymyzy parahat we asuda durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözlerini beýan etdiler.

 

Ýazmyrat ANNAGURBANOW,

Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1139 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK