Ýakynda Mary welaýatynyň Baýramaly etrap medeniýet merkezinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Baýramaly şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň Baýramaly şäher bölüminiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşiniň, şäher medeniýet bölüminiň, Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň hem-de Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda gözellik bäsleşigi geçirildi. Oňa ady agzalan orta hünär okuw mekdepleriň talyp gyzlary gatnaşdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň talyp gyzlaryň iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny, ruhubelentligini, buýsançlylygyny hem-de keşp we edep gözelligini açyp görkezmek maksady bilen geçirilen gözellik bäsleşigi jemi 3 şertden ybarat boldy.
Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, oňa gatnaşan talyp gyzlar birinji şert boýunça türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan sarpany, özleriniň sungata we döredijilige bolan ukybyny, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň joşgunly owazyny aýdymdyr goşgularyny, şeýle hem sahna çykyşlaryny ýerine ýetirmek arkaly açyp görkezdiler. 2-nji şerte laýyklykda, Gahryman Arkadagymyzyň “Bereketli türkmen saçagy” atly kitabyndan ugur alyp, talyp gözeller türkmen milli tagamy bolan unaş kesmek boýunça öz başarnyklaryny görkezdiler. Gözellik bäsleşigiň 3-nji şerti “Hünärim bar- hormatym bar” diýlip atlandyrylyp, talyp gyzlar özleriniň zehinlerini, ukyplaryny keşde çekmek arkaly açyp görkezdiler.
Çekeleşikli geçen bäsleşikde eminleriň gelen gutarnykly netijesine bilen, I orna Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyby Aýjahan Mämmedowa, II orna Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby Aýnagözel Öwezowa hem-de III orna Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyby Güljahan Allaberdiýewa dagylar mynasyp boldular.
Gyzykly geçen gözellik bäsleşiginde baýrakly orunlara mynasyp bolan talyp gyzlara hem-de işjeň gatnaşanlara TMÝG-niň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Baýramgeldi GAÝYPOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Baýramaly şäher Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň müdiri.