TEGELEK STOLUŇ BAŞYNDA SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

     Golaýda, Mary welaýat kitaphanasynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda amala aşyrylýan uly ösüşler, ýetilýän belent sepgitler, gazanylýan üstünlikler dogrusynda, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ykrar edilmeginiň 28 ýyllygy mynasybetli Tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi gurap, oňa kalplary buýsançdan we guwançdan doly ýaşlar gatnaşdylar.

     Ýygnananlar beýik maksatlaryň amala aşyrylýan zamanasynda Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly saýasynda, halkyny Gün kimin çoýýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýeňişli menzilleri ynamly külterleýän türkmen halkymyzyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda-da uly ösüşlere eýe bolup, bu ajaýyp ösüşli günleriň has nurana belentliklere tarap rowana bolýandygy dogrusynda buýsançly söhbet etdiler. Söhbetdeşlikde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda parahat ýurdumyzda dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy, agzybirligi has-da pugtalandyrmakda giň möçberli işleri amala aşyrylýandygy bilen bagly buýsançly gürrüňlere aýratyn ähmiýet berildi.

     Çärä gatnaşanlar halkymyzyň abadan hem-de eşretli durmuşda bagtyýarlygyň hözirini görüp ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Aýjeren GELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1139 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK