KÖRPELERIŇ YLHAMY – KÖŇÜLLERIŇ MELHEMI

      Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesil baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan örän wajyp ugurlarynyň biri hökmünde aýratyn üns berilýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Giň möçberli özgertmeler, belent tutumlar köňüllerimiziň guwanjy bolan şadyýan çagalarymyzyň watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň, dostlugyň, hoşniýetliligiň belent ruhunda terbiýelenilmegine gönükdirilip, bu ugurdaky işleri üstünlikli dowam etdirýäris.» – diýen taglymyndan ruhlanyp, etrabymyzyň çäginde ýerleşýän çagalar baglarynda terbiýelenýän körpejelerde şekillendiriş sungatyna, surat çekmäge, aýdym we goşgy aýtmaga, saz çalmaga bolan höwesi döretmek hem-de bu babatdaky ukyp-başarnyklaryny ýokarlandyrmak maksady bilen çagalaryň arasynda döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirip durýar.

      Ýaňy-ýakynda hem, Mary etrabynyň 6-njy çagalar bagynda «Bagtyýar nesiller» ady bilen, bu ýerde terbiýelenýän körpejeleriň arasynda döredijilik bäsleşigini geçirdik. Şular ýaly döredijilik bäsleşiklerini etrabymyzyň çäginde ýerleşýän çagalar baglarynda terbiýelenýän körpejeleriň arasynda ýygy-ýygydan geçirip durmagymyz, ösüp barýan ýaş nesillerimiziň ählitaraplaýyn sazlaşykly ösmeginde, olaryň aňyýetiniň ösüşinde, dünýägaraýşynyň giňelmeginde, watansöýüjilik, ynsanperwerlik duýgularynyň kämil giňelmeginde diýseň ähmiýetlidir. Hut şu nukdaýnazardan-da, döredijilik bäsleşigi körpejelere diňe bir ruhy taýdan lezzet bermän, eýsem olary ählitaraplaýyn terbiýeleýär. Şeýle hem, çagalar aýdym aýtmagyň, saz çalmagyň, saz diňlemegiň düzgünleri, nota sowady baradaky, şekillendiriş sungaty, surat çekmek, goşgy okamak we şygryýet babatdaky uly bolmadyk düşünjelere eýe bolýarlar.

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň atalyk kitaplarynyň terbiýeçilik ähmiýetli örän çuň mazmunly durmuş pelsepelerini şu günki ýaş nesillerimiziň arasynda wagyz edip, olaryň ilhalar nesiller bolup ýetişmeklerinde özümiziň yhlasymyzy mundan buýana hem gaýgyrmarys. Türkmen halkyny asuda hem abadan, bolelin hem eşretli durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ömürleri uzak bolsun, il-ýurt we umumadamzat bähbitli döwletli işleri hemişe rowaç alsyn!

 

Ogulnur BERDIÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň

Mary etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1139 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK