Ýakynda Wekilbazar etrap şäherçe medeniýet öýünde Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ykrar edilmeginiň 28 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 3-5-nji synplarynda okaýan okuwçy oglanlarynyň arasynda yglan edilen «Merdana nesil — 2023» atly şadyýan bäsleşigiň Mary welaýat tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň etrap we şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan okuwçy oglanlaryň 22-si gatnaşdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň ruhy taýdan ösmegini, sungat äleminde zehinli hünärmenler bolup ýetişmegini gazanmak maksady bilen geçirilen şadyýan bäsleşigiň welaýat tapgyryny Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi hem-de Mary welaýat Baş bilim müdirligi bilelikde guradylar. Bäsleşik jemi 3 şertden ybarat boldy.
Bäsleşigiň dowamynda ýaş zehinliler türkmen halkyna mahsus bolan merdanalyga, watansöýüjilige, ata-babalarymyzyň gahrymançylykly synmaz ruhuna ýürek buýsançlaryny çeper sözleriň üsti bilen beýan etdiler. Şonuň ýaly-da bäsdeşler ýekelikde şorta sözüni ýerine ýetirmekde we ýurdumyzda amala aşyrylýan uly ösüşleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler.
Eminleriň gelen gutarnykly netijesine laýyklykda, I orna Mary şäheriniň 30-njy orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Salyh Jumadurdyýew, II orna Tagtabazar etrabynyň 3-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Pälwan Agaýusupow dagylar mynasyp bolup, olar Aşgabat şäherinde geçiriljek döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşikde baýrakly orunlara mynasyp bolan okuwçy oglanlara hem-de işjeň gatnaşanlara TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Aýjeren GELDIÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýat
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.