Türkmen keşdesi amaly-haşam sungatynyň bir görnüşidir. Gelin-gyzlaryň elde çekýän keşde nagyşlarynyň nusgalary öz gözbaşyny örän gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Türkmen keşdeçiligini sungat derejesine ýetirmegi başaran ene-mamalarymyzdan miras galan bu asylly däp häzirki bagtyýar döwrümizde mynasyp dowam etdirilýär. Şeýle asylly işlere jogap edip, orta mekdeplerde bilim alýan okuwçy gyzlaryň arasynda etrabyň jemgyýetçilik guramalary bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşi tarapyndan geçirilýän dürli çärelerdir, bäsleşikler giň gerime eýe bolýar.
Şeýle bäsleşikleriň biri, golaýda Ýolöten etrabynyň çagalar ýetginjekler döredijilik öýünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda «Gül tahýam» ady bilen geçirildi. Bäsleşigiň esasy maksady «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny» durmuşa geçirmekden hem-de okuwçy gyzlary ýaşlykdan hünäre höwes döretmekden ybarat boldy.
Geçirilen bäsleşikde okuwçy gyzlar özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Olaryň ýerine ýetiren işlerine ýörite düzülen eminler topary tarapyndan mynasyp baha berlip, ýeňiji bolanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy.
Jennet ORAZOWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.