MASLAHAT GEÇIRILDI

     Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaşlaryň durmuşynda taryha altyn harplar bilen ýazyljak buýsançly wakalar bolup geçýär. Şeýle taryhy ähmiýetli wakalaryň biri hem hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen şu ýylyň 16-18-nji noýabrynda Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumynyň üstünlikli geçmegi boldy. Taryhy waka öwrülen bu forum ýaşlaryň göwün guşuny ganatlandyrdy.

     Ýakynda şol taryhy waka mynasybetli, Sakarçäge etrabynyň 6-njy orta mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň we etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda “Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy” atly maslahat duşuşygy geçirildi. Oňa şol mekdepde bilim alýan ýokary synp okuwçylary hem-de mugallymlar gatnaşdylar.

     Duşuşykda ýürekleri egsilmez alkyşdan doly ýaşlar çykyş etdiler. Olar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesilleriň geljegi, olaryň ylymly, bilimli, bolup ýetişmegi barada irginsiz aladalary, ýakynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumynyň Mary şäherinde üstünlikli geçirilmeginiň täsirleri dogrusynda gürrüň etdiler. Şeýle-de çykyşlaryň her birinde, ýurdumyzda sagdyn we giň dünýägaraýyşly, watansöýüji ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

 

Merdan BEKMYRADOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Sakarçäge etrap Geňeşiniň başlygy.

Indiki makala

GÜL TAHÝAM

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1139 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK