ŞADYÝANLYKDA GEÇEN BÄSLEŞIK

     Ýakynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ykrar edilmeginiň 28 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň  3-5-nji synplarynda okaýan okuwçy oglanlarynyň arasynda yglan eden  «Merdana nesil - 2023» atly şadyýan bäsleşigiň Mary şäher tapgyry geçirildi.  

     Ýaş nesliň ruhy taýdan ösmegini, sungat äleminde zehinli hünärmenler bolup ýetişmegini gazanmak maksady bilen geçirilen şadyýan bäsleşigiň şäher tapgyryny TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşi hem-de Mary welaýat Baş bilim müdirligi bilelikde guradylar. Mary şäheriniň “Bagt köşgi” toý dabaralar merkezinde geçirilen bäsleşige zehinli okuwçy oglanlaryň 28-si gatnaşdy. Olar sahnada türkmen halkyna mahsus bolan merdanalyga, watansöýüjilige, ata-babalarymyzyň gahrymançylykly synmaz ruhuna ýürek buýsançlaryny çeper sözleriň üsti bilen beýan etdiler. Bäsleşigiň II şertine laýyklykda okuwçy oglanlar ýekelikde şorta sözüni ýerine ýetirip, III şerti esasynda olar  Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan uly ösüşleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler.

     Eminleriň gelen gutarnykly netijesine laýyklykda,  I orna Mary şäherindäki 30-njy orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Salyh Jumadurdyýew, II orna Mary şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 11-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Ýakup Aşyrmyradow mynasyp boldular. Olara TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

     «Merdana nesil - 2023» atly şadyýan bäsleşigiň Mary şäher tapgyrynda I we II orunlara mynasyp bolan okuwçy oglanlar welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

 

Annagözel SARYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1139 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK