AHLAK ARASSALYGY — RUHY TÄMIZLIK

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly saýasynda, halkyny Gün kimin çoýýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet ýolbaşçylygynda ýurdumyzda zenanlara goýulýan sarpa, olar barada alnyp barylýan asylly işler ata-babalarymyzyň ýol ýörelgelerinden, milli däp-dessurlarymyzdan ugur alýar.

     Şu jähtden hem, türkmen halkynyň watansöýüjilik, maşgala ojagyna wepadarlyk, pähim-paýhaslyk, salyhatlylyk, mylakatlylyk ýaly inçeden edaly mährem duýgulary ýaş nesillerimize uly buýsanç bilen ýetirmek, ýaşlarymyzyň kalbynda bu mukaddesliklere söýgi döretmek maksady bilen häzirki günlerde ýurdumyzyň orta, ýörite orta, başlangyç hünär we ýokary okuw mekdeplerinde, edara-kärhanalarynda wagyz-nesihat mazmunly duşuşyklar yzygiderli guralýar.

     Hut şu nukdaýnazardan, golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat hem-de Mary şäher Geňeşleriniň bilelikde guramagynda Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. «Ahlak arassalygy — ruhy tämizlik» ady bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşygyna, şol hünär okuw mekdebinde bilim alýan talyp gyzlar, mugallymlar hem-de ýaşlar gatnaşdy.

     Duşuşykda çykyş edenler ýurdumyzda zenanlara goýulýan hormat, aýratyn sarpa barada buýsançly belläp, nesil we ahlak terbiýesi, ene göreldesi, zenanlarymyzyň maşgala ojagynyň daýanjydygy dogrusynda giňişleýin çykyş etdiler.

     Duşuşygyň dowamynda zenanlaryň mertebesini belende göterýän, olaryň yhlasly okamagyna, döredijilikli işlemegine ähli şertleri we mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny dowamat dowam eýleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

 

Laçyn KAKAJANOWA,

TMÝG-niň Mary welaýat

Geňeşiniň umumy bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1139 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK