Mary myhmanhanasynda geçirilen «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik ak mermerli Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň geçirilmegine bagyşlandy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň guramagynda geçirilen söhbetdeşlik täsirli boldy. Oňa kalplary buýsançdan doly sport türgenleri hem-de ýaşlar gatnaşdy.
«Tegelek stoluň» başyna ýygnananlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda ýurdumyzda sporty hem-de köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek babatdaky ajaýyp başlangyçlary bilen sport halkymyzyň, aýratyn-da, ýaşlaryň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülendigi dogrusynda buýsançly bellediler. Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň geçirilmegi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde çykyş edýän bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen strategiýanyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygynyň nobatdaky subutnamasydygy bilen bagly buýsançly gürrüňe söhbetdeşlikde aýratyn ähmiýet berildi.
Söhbetdeşlige gatnaşanlar Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatyna gatnaşýan türkmen türgenlerine şowlulyk arzuw edip, halkymyzyň sagdyn ýaşamagy, yhlasly işlemegi üçin ähli amatlyklary, durmuş ýeňilliklerini döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Aýjeren GELDIÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.