ÝAŞLARYŇ HYJUWYNY ARTDYRDY

       Mälim bolşy ýaly, gadymy Mary topragynda Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumy ýokary derejede geçirildi. 16-18-nji noýabr aralygynda geçirilen forumyň çäklerinde birnäçe täsirli çärelere, maslahatlara giň orun berildi. Has takygy, Mary welaýat kitaphanasynda ýaşlaryň arasynda dürli görnüşdäki maslahatlar geçirildi, Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli ýurdumyzyň aýratyn zehinli ýaşlarynyň, ýagny, dürli pudagynda zähmet çekýän ýaşlaryň, talyplaryň, okuwçylaryň 140-syna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

       Şeýle-de, foruma gatnaşyjylar «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni goraghanasyna gezelenç etmek bilen, Marynyň taryhy geçmişi bilen içgin tanyşdylar. Bu ýerde daşary ýurtly ýaşlar özüni gyzyklandyrýan soraglar bilen, welaýatymyzyň geçmişi sahypalaryny agtardylar. Taryhymyz bilen birlikde türkmeniň gadymy oba durmuşy bilen tanyş boldular. Daşary ýurduň wekillerine bu ýerde dikilen ak öýlerde türkmen milli tagamlary hödür edildi. Gatnaşyjylar türkmen tagamlarynyň juda datlydygy, özboluşlydygy barada türkmen tarapyndan foruma gatnaşyjylara aýtdylar.

       Mundan başga-da, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň festiwaly we forumyň ýapylyş dabarasy uly şowhun bilen geçirildi. Festiwalyň başynda foruma gatnaşyjylaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edildi we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

       Festiwalda ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtly ýaşlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ajaýyp çykyşlary ýaňlandy. Ýaňlanan aýdymdyr sazlar, ajaýyp tanslar dabara gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady. Festiwalda ýurtlaryň ussatlarynyň bilelikde çykyş etmegi döwletleriň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkdigini äşgär etdi.

 

Annagözel SARYÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary şäher

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1139 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK