DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI

       Ösüşleriň ak ýolundan ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň şanly seneleri, buýsançly wakalary, bütin dünýäde dabaralanýan ösüş-özgerişleri taryhyň altyn sahypalaryna girmek bilen, il-günümizde, ylaýta-da ýaşlarda ruhubelentlik hem-de buýsanç duýgusyny döredýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 16-18-nji noýabrynda Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumynyň üstünlikli geçirilmegi hem ýaşlaryň durmuşynda ýatdan çykmajak buýsançly wakalaryň biri boldy.

       Golaýda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen dabaraly maslahat hem bu şanly waka bagyşlandy. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar: beýik menzillere tarap ynamly ädimler bilen öňe barýar» ady bilen geçirilen maslahatda institutyň mugallymlarynyň, talyp ýaşlarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň täsirli çykyşlaryna giň orun berildi.

       Çykyşlarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha ýokarlanýandygy, halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylyp, dowamat dowam bolmagynda ýaş nesle uly orun degişlidigi, şoňa görä-de, ýurdumyzda ýaşlar babatynda ençeme işleriň alnyp barylýandygy we ýaşlar syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy ugrunda beýik başlangyçlaryň ýola goýulýandygy barada buýsançly gürrüňler edildi. Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumynyň üstünlikli geçirilmegi hem hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky alyp barýan döwlet syýasatynyň dünýä giňişliginde belent sarpa mynasyp bolýandygy baradaky joşgunly gürrüňler çykyşlarynyň özenini düzdi. Soňra, institutyň «Kuwwat» aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde ata Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ýurdumyzyň belent ösüşlerini hem-de dost-doganlygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlara tomaşa edildi.

       Şeýle hem çykyşlaryň her birinde bagtyýar il-günümizi eşretli we abadan durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

 

Hekim GELENOW,

TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň

başlygynyň orunbasary.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1139 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK