HOŞALLYK MASLAHATY GEÇIRILDI

     Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň mukaddes başlangyçlaryny ýol-ýörelge edinen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen ösüşleriň täze basgançaklaryna çykýan asuda Watanymyz baky bagtyýarlyk ýoluna düşüp, ynamly gadamlar bilen öňe barýar. Şeýle ösüşli döwrüň şu ýyly — Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly aýratyn şan-şöhrata, taryhy we buýsançly wakalara eýe bolýar. Şygaryndan hem mälim bolşy ýaly, bu ýylda türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirip, ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekdäki işleriň bady barha artýar. Ýakynda, Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 16-18-nji noýabrynda Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumynyň üstünlikli geçmegi hem ýaşlaryň durmuşynda ýatdan çykmajak taryhy wakalarynyň biri boldy. Hut şu nukdaýnazardan, şu günler welaýatymyzda geçirilýän dabaraly çäreler, hoşallyk maslahatlardyr, tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik duşuşyklar giň gerime eýe bolýar.

     Şeýle çäreleriň biri golaýda Mary şäher häkimliginde geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat hem-de Mary şäher Geňeşleriniň bilelikde guramagynda geçirilen hoşallyk maslahaty «Arşa galsyn şöhratyňyz-şanyňyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!» diýlip atlandyryldy. Oňa TMÝG-niň işjeň agzalary, ýokary we ýörite orta, başlangyç hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyplary hem-de Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolan ýaşlar gatnaşdy. Maslahaty  Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň başlygy Resul Baýramow alyp bardy.

     Maslahatda Marynyň Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy, Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Welmyrat Hommadow hem-de Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Baýram Garahanow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Aýjemal Muhammedowa, «Maru- Şahu Jahan» welaýat gazetiniň bölüm redaktory, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Sülgün Şadyýewa çykyş etdiler.

Çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylyp, dowamat dowam bolmagynda ýaş nesle uly orun degişlidigi, hut şoňa görä-de, asuda Watanymyzda röwşen geljegiň eýeleri hasaplanýan ýaşlarymyzyň ata-babalarymyzdan miras galan asylly ýörelgelere ygrarly bolup, ýakyn we alysdaky ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşant goşmagyna möhüm ähmiýet berilýändigi dogrusynda çykyş etdiler. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen şu ýylyň 16-18-nji noýabrynda Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumynyň üstünlikli geçirilmeginiň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar baradaky alyp barýan döwlet syýasatynyň dünýä giňişliginde belent sarpa mynasyp bolýandygy baradaky buýsançly gürrüňleri çykyşlarynyň özenini düzdi

     Maslahatda «Biziň geljegimiz ýaşlar bilendir!» diýýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, ata Watanymyzy gülledip ösdürmekde ýaşlara uly ynam bildirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tükeniksiz alkyş sözleri aýdyldy.

 

Aýjeren GELDIÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1139 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK