WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

      Kitap paýhas ummanyndaky ýolgörkeziji şamçyrag. Kitaplar adamy terbiýeleýär, öwüt-nesihat berip, dogry ýol görkezýän dostdyr. Kitap okamak adamyň döredijilikli pikirlenmeginiň ösmegine, ünsüniň güýçlenmegine, maglumat gorunyň baýlaşmagyna ýardam edýär. Türkmen halky hemişe-de kitap okamaklygy, oňa sarpa goýmaklygy özüniň mukaddes borçlarynyň biri hasaplapdyr. Adam näçe köp kitap okasa dünýägaraýşy şonça-da giňeýär. Alymlaryň bellemegine görä, kitap okamak egsilmez hazynadyr.

      Halkymyzda kitaba bolan sarpa gadymýetden gözbaş alýar. Pederlerimiz kitaby bilimleriň çeşmesi hökmünde aýap saklapdyrlar. Hut şu jähtden hem, nesil terbiýesinde “Kitapsyz ulalan çaga, suwsuz ösen bag ýalydyr”, “Kitap adamlaryň ýoluny ýagtyldýan şamçyragdyr” diýen dana sözleri ulanypdyrlar. Akyldarlaryň biri “Çagalaryňyza gowy kitaplary okamagy öwrediň” diýip belleýär. Kitap okamak-dünýä akyl ýetirmekdir, ynsanlaryň asyrlarboýy döreden ruhy gymmatlyklaryny, genji-hazynasyny özleşdirmekdir. Adatça, “Dünýäniň gapylary kitabyň üsti bilen açylýar” diýilýär.

      Kitaplar geçmişe syýahat edip, öten günleriň wakalary bilen tanyşmaga hem-de geljek hakynda pikir ýöretmäge mümkinçilik berýär. Okalan eserlerdäki gahrymanlaryň asylly häsiýetleri ýaşlaryň ýagşy ynsan bolup ýetişmegine, durmuşdaky dürli meselelerde dogry çözgütleri tapmagyna kömek edýär. Ruhy-ahlak gymmatlyklary nesilden-nesle geçirmek wezipesinden başga-da kitaplar müňýyllyklaryň dowamynda gazanylan ylmy tejribäniň gorudyr. Gadymy döwürlerde kitaplar diňe akyldar we gurply adamlar üçin elýeterli baýlyk bolan bolsa, häzir ýagdaý düýbünden başgaça. Indi olar isleg bildirýän her bir adama gujak açýar. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda dünýäniň we döwrüň ösüşi bilen deň gadam urýan Watanymyzda ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär. Bagtyýar ýaşlar ähli amatlyklar bilen üpjün edilen kitaphanalarda türkmen we dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynyň dürdäneleri, häzirki zaman ýazyjylarynyň naýbaşy eserleri, ylym-bilim ugruna degişli gymmatly işler bilen ýakyndan tanşyp bilýärler. Internet ulgamy bolsa müňlerçe kilometr uzakdaky kitaphanalarda saklanýan kitaplar ýa-da birnäçe gün öň çapdan çykan eserler bilen oturan ýeriňde tanyşmaga mümkinçilik berýär. Şonuň üçin häzirki ýaşlar- bagtly nesiller.

      Garagum etrabynda hem ýaşlary kitaphanalara çekmek, kitap okamaklyga söýgüni artdyrmak maksady bilen yzygiderli işler geçirilýär. Etrabyň merkezi kitaphanasynda, orta mekdepleriň kitaphanalarynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşi “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň Meýilnamasyndan ugur alyp ýaşlaryň kitaphananyň hyzmatyndan peýdalanmaklaryny ýokarlandyrmak we olary köpräk kitaphana çekmek maksady bilen  hem-de yzygiderli çäreleri geçirýär. Ýakynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Garagum etrabynyň merkezi kitaphanasynda okuwçy ýaşlaryň gatnaşmaklarynda “Pyragyň arzuwlan zamany geldi-Watanym berkarar, bagtyýar boldy” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede okuwçy ýaşlara kitaphananyň gymmatly hazynasy bolan Magtymguly atamyzyň kitaplary barada giňişleýin maglumat berdiler hem-de onuň çuň manyly goşgularyndan ençemesini okap berdiler.

      Geçirilýän şeýle çäreleriň ýaş nesilleri türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan kitaplaryndan we Watanymyzyň geçmiş taryhyny öwredýän taryhy kitaplardan, görnükli ýazyjy-şahyrlarymyzyň kitaplaryndan  watansöýüji, arassa ahlakly, belent adamkärçilikli, ruhubelent, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli adamlar edip ýetişdirmekde olaryň kitaba bolan söýgisini artdyrmakda uly ähmiýeti bardyr.

                        

Sülgün Agajanowa

      Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

           Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşiniň başlygy

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1139 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK