Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen keşdeçilik sungaty barha kämilleşýär, tutuş dünýä ýüzüne ýaýylýar. Gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan keşdeçilik sungaty milliligimizi şöhlelendirýän gymmatly genji-hazynadyr. Halkymyzyň döreden milli gymmatlyklarynyň arasynda keşdeçilik sungatyna ýokary derejede orun berilýär. Ene mamalarymyzdan miras galan naýbaşy keşdeçilik sungaty özüniň gözelligi, nepisligi bilen bu gün dünýäň ýüzüni haýrana goýýar. Türkmen milli el işleriniň biri hasaplanýan keşdeler gadym döwürlerden bäri kämilleşip biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir we has-da kämilleşipdir. Türkmen tebigatynyň bahar paslyndaky görküne çalym edýän bu milli senet zenanlarymyzyň asylly häsiýetlerini, zehinini görkezýär. Keşde sungaty — zenanlaryň köňül ýaýlasydyr. Türkmen zenanlaryna mahsus bolan näziklik, mähirlilik, gözellik, asyllylyk ýaly häsiýetleriniň ählisi bu sungatda jemlenendir. Keşdeçilik sungaty milli medeni mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolup, türkmen halkynyň däplerini özboluşly şöhlelendirýär. Türkmen milli keşdelerinde ýerleşdirilen dürli reňkdäki owadan nagyşlary türkmen tebigatynyň ajaýyp keşbini göz öňüne getirýär. Owadan el işlerini synlanyňda, türkmen halkynyň millilik ruhuny duýmak bolýar.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşi hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň 15-24-nji bendini durmuşa geçirmek, ýaşlaryň arasynda milli medeni-mirasymyzy giňden wagyz etmek maksady bilen Mary şäheriniň 18-nji orta mekdebinde okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda «Mähir siňen nepislik» ady bilen el işleriniň sergisini gurnady. Gurnalan bu döredijilik sergisine okuwçy gyzlar özleriniň ýerine ýetiren il işleri, keşdeleri, dokan halyçalary bilen gatnaşdylar. Okuwçy gyzlaryň ýerine ýetiren el işinde ezber türkmen gyzynyň asylly, sypaýy keşbini göz öňüne getirýän inçe sungaty synlamak çärä gatnaşanlarda uly buýsanç döretdi. Çäräniň dowamynda Mary şäher zenanlar guramasynyň agzasy Altynjemal Mämedowa bagtyýar okuwçy gyzlara milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolan türkmen milli nagyşlarymyzyň, keşdelerimiziň, türkmeniň buýsanjy bolan el halymyzyň ýerine ýetirilişindäki dürli inçe syrlaryny içgin öwretdi we ýerine ýetirip görkezdi. Bu bolsa ýaş nesliň terbiýesinde milli keşdeçilik sungatymyzyň aýrylmaz ornunyň barlygynyň aýdyň mysalydyr.
Şeýle bagtyýar eýýamda türkmen keşdeçilik sungatynyň barha kämilleşdirilmegi, ösdürilmegi we tutuş dünýä ýüzüne ýaýylmagy ugrunda netijeli işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, belent başlary aman bolsun!
Göwher KAKAGELDIÝEWA,
Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.