TÄSIRLI GEÇEN DUŞUŞYK

     Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly kalplary hyjuwdan doly türkmen ýaşlarynda şu güne buýsanjy, bagtyýar geljege ynam döredip, täze sepgitlere ruhlandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaşlara uly ynam bildirýär. Hormatly Prezidentimiziň bu ynamy ýokary jogapkärçiligi öňe çykaryp, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna has döredijilikli zähmet çekmäge, yhlasly okamaga borçly edýär. Hut şu nukdaýnazardan, etrabymyzyň orta mekdeplerinde bilim alýan mekdep okuwçylarynyň arasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň 1-nji orta mekdebinde «Bilimli nesil — bagtyýar geljegimiziň binýady» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa şol mekdepde bilim alýan ýokary synpyň okuwçylar gatnaşdy. TMÝG-niň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň ýörite tassyklanan meýilnamasy esasynda geçirilen wagyz-nesihat çäresinde täsirli çykyşlara giň orun berildi.

     Çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýetilýän belent sepgitler, eziz Watanymyzyň eýeleri bolan ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly kämil ynsanlar bolup ýetişmegi ugrunda giň mümkinçilikleriň döredilýändigi dogrusynda täsirli gürrüňler etdiler.

     Çykyşlaryň her birinde türkmen halkyny bagtly geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, ata Watanymyz, halkymyz, eşretli döwrümiz üçin durmuşa geçirýän tutumly işleriniň rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Çynar HOŞGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň

Sakarçäge etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Öňki makala

EL HÜNÄRI IL GEZER

Indiki makala

MÄHIR SIŇEN NEPISLIK

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1139 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK