Eziz Diýarymyzda röwşen ertirimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleri ruhy we beden taýdan sagdyn, ylymly-bilimli, sowatly, düşünjeli, watansöýüji, zähmetsöýer edip kemala getirmek döwletimiziň, jemgyýetimiziň baş aladalarynyň biridir. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň belent tutumlaryndan gözbaş alýan beýik işleri, milli maksatnamalar bizi ýagty geljege alyp barýar. Ösüp gelýän ýaşlarymyzy ýokary ahlak düşünjeli adamlar edip ýetişdirmekde ata-babalarymyzyň terbiýe babatynda miras goýup giden milli edim-gylymlaryň, däp-dessurlarynyň orny örän uludyr. Ruhy we medeni baýlyklardan galkynan beýik türkmen şahsyýetleri öz atlaryny, ata Watanynyň adyny dünýä kitabyna ýazyp, öçmez yz galdyryp gitdiler. Türkmençilikde «Könesi bolmadygyň, täzesi bolmaz» diýilýär. Hut şu nukdaýnazardan ugur alyp, biz geljekki nesillerimizi asylly däp-dessurlarymyzyň üsti bilen terbiýelemelidiris. Türkmen halkynyň çuňňur, baý medeni mirasy bar. Ýaş nesilleriň terbiýesinde-de milli gymmatlyklaryň orny uludyr. Ene-mamalarymyzyň görüm-göreldesi bilen, köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli mirasymyz, däp-dessurlarymyz döredijilikli ösdürilip, eli hünärli gyz-gelinler tarapyndan biziň şu günlerimize ýetirilipdir. Dünýäniň ähli gözellikleri, mukaddeslikleri enäniň ruhy dünýäsinde ýerleşýär. Ol tebigatyň beýleki gözellikleri, baýlyklary ýaly göze görünmeýär, çünki ol iň mukaddes duýgy hasaplanylýar. Eziz enäniň ruhy dünýäsiniň döreden sungaty kalpdan-kalba, nesilden-nesle geçip, älemde müdimilik yz galdyrýar. Dürli-dürli nagyşlarymyz gadymyýetden bäri gelin-gyzlar tarapyndan keşdelenip, biziň döwrümize gelip ýetipdir. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşi, etrap häkimligi, etrap bilim bölümi bilen bilelikde gurnamagynda Ýolöten etrabynyň 19-njy orta mekdebinde okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda «El hünäri il gezer» diýen ady bilen terbiýeçilik ähmiýetli el-işleri boýunça çäre geçirildi. Çäre gyzlarda zähmetsöýerligi, gyz edebini, ahlak gözelligini, asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemek, ene-mamalarymyzdan miras galan däp-dessurlarymyza sarpa goýmagy, el işlerine bolan höweslerini artdyrmak maksady bilen geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri Jennet Orazowa, etrap häkimliginiň ýuristi, maslahatçysy, zenanlar guramasynyň başlygynyň orunbasary Oguljennet Baýhanowa, etrap bilim bölüminiň hünärmeni Oguljahan Eýranlyýewa eminlik edip, ýeňijileri adalatlylyk bilen saýladylar.
Şasenem RÖWŞENOWA.
Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň
41-nji orta mekdebiniň mugallymy,
Ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy.