TÄSIRLI GEÇEN GEZELENÇ

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda baý medeni mirasymyzy gorap saklamak, medeniýet ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek babatda uly özgertmeler ýaýbaňlandyrylýar. Bu giň möçberli özgertmeler türkmen halkynyň baý taryhyny öwrenmekde, onuň maddy we ruhy mirasyny saklamakda hem-de wagyz etmekde, ylmy-barlaglary işjeňleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

     Gojaman taryhyň dürli döwürlerinde gurulyp, biziň günlerimize gelip ýeten şeýle ajaýyp ýadygärlikleri ylmy esasda öwrenmek, olary geljekki nesiller üçin gorap saklamak baş wezipe bolup, bu ugurda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Olaryň biride «Gadymy Merwdir».

     «Gadymy Merw» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi aýratyn buýsançly ýagdaý bolup, bu toprakda ýerleşýän birnäçe taryhy ýadygärlikler türkmen halkynyň genji-hazynasydyr. Döwrümiziň bagtyýar ýaşlary hem taryhyň ençeme syrlaryny özünde jemleýän, medeniýetiň mekany bolan, taryhyň gatlarynda «Merw», «Maru», «Marguş», «Margiýana», «Mary» ýaly dürli atlar bilen meşhurluga eýe bolan toprakda ýaşap geçen alymlaryň, akyldarlaryň, şahyrlaryň, bagşylaryň, sazandalaryň, nakgaşlaryň, serkerdeleriň ömür ýoly, olaryň taryhda goýan yzlary, ylmy we edebi döredijiligi bilen içgin gyzyklanýarlar. Gadymy Marguşyň gözleginde uzak ýyllaryň dowamynda alnyp barylan arheologik gazuw-agtaryşlaryna gatnaşyp örän ähmiýetli gymmatlyklaryň üstüni açan Altymuhammet Bähbidowyň biziň etrabymyzda zähmet çekmegi örän guwandyryjydyr. Ol özüniň on alty ýyllyk zähmet ýolunda toplan taryhy gymmatlyklaryny ýaş nesillerimize ýetirmek maksady bilen medeniýet bölüminde uly bolmadyk, emma gojaman taryhy içine sygdyrýan muzeý döretdi. Ol muzeý häzirki wagtda ýaş taryhçylaryň iň gelim-gidimli ýerine öwrüldi.

     Ýakynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşi hem-de etrap bilim bölümi bilelikde mekdep okuwçylaryň gatnaşmaklarynda şol muzeýe gezelenç çäresini gurady. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyndan» ugur alnyp guralan gezelenjiň maksady ýaşlaryň taryhy we medeni ýadygärliklere bolan garaýyşlaryny kämilleşdirmekden ybarat boldy.

     Gezelenjiň dowamynda muzeý işgäri Altymuhammet Bähbidow bu ýerdäki gymmatlyklar hem-de gadymy Marguşyň gözleginde alnyp barylan arheologik gazuw-agtaryşlarynda üstüni açan taryhy tapyndylary bilen tanyşdyrdy. Okuwçy ýaşlar aýratynam muzeý işgäri Altymuhammet Bähbidowyň arheologik gazuw-agtaryşlary döwürde başyndan geçiren wakalary esasynda döreden surat sergisi bilen ýakyndan gyzyklandylar.

     Gezelenjiň dowamynda milli mirasymyzy we taryhymyzy, ajaýyp medeniýetimizi we sungatymyzy giňden öwrenmekde ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna çäksiz alkyşlar aýdyldy.

 

Ogulbagt AMANMYRADOWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1139 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK