HOŞALLYK MASLAHATY GEÇIRILDI

      Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň şanly seneleri, buýsançly wakalary, bütin dünýäde dabaralanýan ösüş-özgerişleri taryhyň altyn sahypalaryna girmek bilen, il-günümizde, ylaýta-da ýaşlarda ruhubelentlik duýgusyny döredýär. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda energetika we durmuş düzüminiň täze desgalarynyň açylyp ulanmaga berilmegi we düýbüniň tutulmagy hem-de Mary-Ahal ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň dabaraly açylmagy guwandyryjy ýagdaýdyr.

      Şunuň bilen baglylykda, golaýda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen hoşallyk maslahaty hem bu şanly waka bagyşlandy. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda geçirilen hoşallyk maslahatda gurlup ulanylmaga berlen desgalaryň hem-de düýbi tutulan elektrik stansiýasynyň ähmiýeti dogrusynda täsirli çykyşlara giň orun berildi.

      Çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda energetika ulgamy döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülip, bu ugurda ýokary sepgitlere ýetilýändigi dogrusynda buýsançly gürrüň edildi. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuwwatlylygy 1574 megawatt bolan täze döwrebap elektrik stansiýasynyň düýbüniň tutulmagy, Mary-Ahal ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň hem-de Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda iki sany gazturbina desgasynyň dabaraly açylmagy ýaş energetikleriň göwün guşuny ganatlandyryp, okamaga bolan höwesleriniň artýandygy baradaky joşgunly söhbetler bolsa, çykyşlaryň özenini düzdi. Soňra, institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly çykyşlara tomaşa edildi.

      Maslahatda halkymyzy eşretli we abadan durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

 

Maral AGAÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy,

Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1139 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK