Şygaryndan mälim bolşy ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly kalplary hyjuwdan doly türkmen ýaşlarynda şu güne buýsanç, bagtyýar geljege ynam döredip, täze sepgitlere alyp barýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaşlara uly ynam bildirýär. Hormatly Prezidentimiziň bu ynamy Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna has döredijilikli zähmet çekmäge, yhlasly okamaga ruhlandyrýar.
Golaýda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň 1-nji orta mekdebinde “ Bilimli nesil- bagtyýar geljegimiziň binýady” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa şol mekdepde bilim alýan ýokary synpyň okuwçy ýaşlary gatnaşdy. TMÝG-niň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşi tarapyndan ýörite tassyklanan meýilnama esasynda geçirilen wagyz-nesihat çäresinde täsirli çykyşlara giň orun berildi.
Çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýetilýän belent sepgitler, eziz Watanymyzyň eýeleri bolan ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly kämil ynsanlar bolup ýetişmegi ugrunda giň mümkinçilikleriň döredilýändigi dogrusynda täsirli gürrüň etdiler.
Çykyşlaryň her birinde türkmen halkyny bagtly geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, durmuşa geçirýän tutumly işleriniň rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Çynar HOŞGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Sakarçäge etrap Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.