Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Garaşsyz Diýarymyzyň şäherdir obalarynda häzirki zaman kompýuterleri, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen çagalar baglary, orta mekdepleri gurlup, ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, sport, döredijilik bilen meşgullanmagy, zehinlerini kämilleşdirmegi üçin zerur bolan şertler döredilýär. Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda bu iri jemgyýetçilik birleşiginiň öňünde goýan ýedi sany wezipesini biz hünärmenler öz belent borjumyza we baş maksadymyza öwrüp, körpejeleriň watançylyk ruhunda terbiýelenmegi, olaryň ýokary hilli bilim almagy, döredijilik we sport bilen meşgullanmagy babatda ukyp-başarnyklaryny doly ýüze çykarmak maksady bilen dürli çäreleri yzygiderli geçirýäris. Ýaňy-ýakynda hem, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşi etrabymyzyň çäginde ýerleşýän 2-nji çagalar bagynda terbiýelenýän körpejeleriň arasynda olary bedenterbiýe we köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek hem-de bu babatda netijeli işleri durmuşa geçirmek maksadyndan ugur alyp, "Sport saglygyň gözbaşy" ady bilen sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşik geçirdi. Şeýle bäsleşikleriň etrabymyzyň çägindäki çagalar baglarynda ýygy-ýygydan geçirilmegi, körpejeleriň berk bedenli, sagdyn nesil bolup ýetişmekleri üçin ähmiýetlidir. Çünki, çaga mekdebe çenli döwürde has çalt depgin bilen ösýär. Onuň beýni ulgamy, süňk ulgamlary, dem alyş ýollary hem çalt kemala gelip başlaýar. Bu döwürde çaganyň saglygynyň kadaly ösüşi başlanýar. Şonuň üçinem, bu döwürde körpejeleri sportuň, maşkyň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga çekmek örän ähmiýetlidir.
Beden taýdan terbiýelenen çaga zähmete, Watany goramaga, durmuşa taýýar bolýar. Mekdebe çenli ýaşly çagalary beden taýdan terbiýelemegiň wezipesi olaryň ýaş aýratynlygy bilen tapawutlanyp, her ýaşdaky körpeleriň beden taýdan alan terbiýeleri biri-birinden az-kem tapawutlanýar. Umuman, mekdebe çenli ýaşly çagalary beden taýdan terbiýelemegiň esasy maksady sagaldyş, bilim berijilik, terbiýeleýjilik ähmiýeti bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bize bagtyýar zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin!
Parahat HAŞYMOW,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň
Mary etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.