EL HÜNÄRI IL GEZER

      Ir döwürlerde ene-mamalarymyz gyz perzentlerine el işlerini we kesp-kärlerini öwretmegi, çagalykdan hünäre söýgi döretmegi özlerine beýik borç hasaplapdyrlar. El işlerini sungat derejesine ýetirmegi başaran enelerimizden miras galan bu asylly däp häzirki bagtyýar döwrümizde hem mynasyp dowam etdirilýär. Şeýle asylly işlere jogap edip, etrabymyzyň jemgyýetçilik guramalary bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşi tarapyndan hem, orta mekdeplerde, ýörite orta we başlangyç hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan okuwçy we talyp gyzlaryň arasynda dürli çäreler, bäsleşikler yzygiderlilikde geçirilip, giň gerime eýe bolýar.

      Ýakynda şeýle bäsleşikleriň biri Sakarçäge etrabynyň 3-nji orta mekdebinde geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň guramagynda geçirilen bäsleşigiň esasy maksady «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny» durmuşa geçirmek, okuwçy gyzlary ýaşlykdan hünäre höwes döretmek, el işleriniň inçe syrlaryny giňden wagyz etmekden ybarat boldy.

      Geçirilen bäsleşikde okuwçy gyzlar keşde çekmek, alaja örmek, haly dokamak ýaly ugurlar boýunça özara bäsleşip, özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

      Sünnälenip ýerine ýetirilen el işlere eminler tarapyndan mynasyp baha berlip, ýeňiji bolanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşi tarapyndan hormat hatlary gowşuryldy.

      Şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmegi okuwçy gyzlarda millilige bolan söýgini artdyrmakda uly ähmiýete eýedir. Çünki millilik nesillerden-nesillere geçip, türkmen gelin-gyzlarynyň dünýäsiniň aýratyn bezegidir.

 

 

 

Gülüstan NURYÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň

Sakarçäge etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1139 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK